Galaxy Wearable Gizlinlik bildirişi Soňky täzelenen senesi: 1-nji aprel 2021 Samsung Electronics Co., Ltd. kompaniýasynda biz öz müşderilerimiz üçin şahsy gizlinligiň nähili möhümdigini bilýäris. Şahsy maglumatlaryňyzy nähili ýygnaýandygymyza we ulanýandygymyza düşünmegiňizi üpjün etmek üçin şu Gizlinlik bildirişini döretdik. https://account.samsung.com/membership/terms/privacypolicy salgysynda görüp bolýan Gizlinlik syýasatymyz siziň Galaxy Wearable ulanyşyňyza hem degişli bolup durýar. Biziň Gizlinlik syýasatymyz maglumatlaryňyzy nähili ulanýandygymyz barada goşmaça maglumatlary öz içine alýar. Ol bize nähili ýüz tutmalydygy barada maglumatlary hem öz içine alýar. Bu Gizlinlik bildirişinden başga-da Gizlinlik syýasatymyzy hem okamagyňyzy haýyş edýäris. Muňa garamazdan, bu Gizlinlik bildirişi hemişe Gizlinlik syýasatymyzdan hukuk taýdan artykmaçlyk edýär. BIZ NÄHILI MAGLUMATLARY ÝYGNAÝARYS? Biz siz baradaky maglumatlary Galaxy dakylýan programmasynyň üsti bilen ýygnap, olary dürli usullar arkaly saklaýarys. Siziň gönüden-göni berýän maglumatlaryňyz • Galaxy Wearable enjamyňyzda Samsung hasabyňyza gireniňizde Samsung hasabyňyzyň ID-si ýaly Samsung hasaby maglumatlaryňyz. Galaxy Wearable ulanyşyňyz barada maglumatlar • Enjamyň görnüşi, enjamyň modeli, OU görnüşi we wersiýasy, enjamyň identifikatorlary we beýleki özboluşly identifikatorlar, mobil ulgamy üpjün edijiler, enjamyň düzülişleri we sazlamalary ýaly enjamlaryňyz barada maglumatlar; • GPS, Bluetooth we WiFi signallary arkaly ýerleşişiňize dahylly maglumatlar. Galaxy Wearable enjamyňyzyň käbir funksiýalary enjamyňyzyň takyk geografiki ýerleşişi barada maglumatlayry ýygnamagy talap edýär, şeýle ýagdaýlarda geografiki ýerleşişiňiz barada maglumatlary diňe siziň rugsat bermegiňiz bilen ýygnarys. Galaxy Wearable enjamynyň bir funksiýasy siziň takyk geografiki ýerleşişiňiz barada maglumatlary ýygnamaly bolsa, enjamyňyz size duýdurar. Galaxy Wearable enjamyňyza takyk geografiki ýerleşişiňiz barada maglumatlary ýygnamaga rugsat bermeseňiz, Galaxy Wearable enjamyňyzyň ähli funksiýalaryny ulanyp bilmezligiňiziň mümkindigini ýadyňyzdan çykarmaň; • Uzakdan birikme funksiýasyny (Galaxy Wearable enjamyňyz telefonyňyzdan hatlary alyp biler ýaly mobil enjamyňyzy Bluetooth arkaly däl-de, Wi-Fi ýa-da mobil tor arkaly Galaxy Wearable enjama birikdirmek ýaly) ulananyňyzda; gelen hatlaryň we e-poçtalaryň habarnamalary we içindäki materialy ýaly mobil enjamyňyzda gurnalan goýmalar barada maglumatlar (hatlaryň we multimediýa faýllarynyň içindäki materialy hem goşmak bilen); we • Eger Ätiýaçlandyryş we Dikeldiş funksiýasyny ulansaňyz, programma üpjünçiliginiň wersiýasy, satuw kody, gurnalan we golaýda ulanylan goýmalaryň sanawy, gurnalan goýmalaryň maglumatlary we sazlamalary, sagadyň ýüzüni, goýmalary we wijetleri goşmak bilen baş ekranyň sazlamalary, habarnama sazlamalary, displeýi, sesi we wibrasiýany hem goşmak bilen ulgamyň sazlamalary. • Galaxy Wearable enjamyňyzy ulanýan döwrüňizde anyklaýyş maglumatlaryny, anyklaýyş tehniki we näsazlyk maglumatlaryny, ulanan wagtyňyz we ulanyşyň dowamlylygy ýaly maglumatlary ibermage razylyk beren bolsaňyz, özüňiziň gurnan goýmalaryňyz, goýmalary näçe wagt ulanandygyňyz, olary haçan açandygyňyz we ýapandygyňyz barada maglumatlar. Şeýle hem, siz barada we siziň Galaxy Wearable enjamyňyz we goýmalaryňyz, Galaxy Wearable enjamyňyza birikdirilen enjamlaryňyz, maglumatlar ýygnalýan wagty size düşündiriljek hem-de zerur halatlarda sizden rugsat alynjak görnüşde Galaxy Wearable enjamyňyzy ulanyşyňyz barada başga maglumatlary ýygnap bileris. MAGLUMATYŇYZY NÄHILI ULANÝARYS? • Size Galaxy Wearable-yňyz üçin bellige almakda we ulanmakda kömek etmek. • Siziň tarapyňyzdan talap edilýän hyzmatlary we funksiýalary üpjün etmek. • Talaplaryňyza we soraglaryňyza jogap bermek hem-de Galaxy Wearable barada siz bilen aragatnaşyk etmek üçin, şol sanda özüňizdäki Galaxy Wearable bilen baglanyşykly tekniki goldawy talap edeniňizde kömek üpjün etmek. • Saýlanan Samsung ýa-da üçünji tarap goýmalar, funksiýalar we hyzmatlar bilen işleşmegiňize rugsat bermek. Mysal üçin, siz öz goýmalaryňyzy we sazlamalaryňyzyň maglumatyny Samsung Cloud-da ätiýaçlap ýa-da öz Galaxy Wearable-yňyzda Samsung Health ulanyp bilersiňiz. • Galaxy Wearable-yňyz bilen baglanyşykly laýyklanan mazmuny we hyzmatlary üpjün etmek. • Diňe bize aýratyn razylyk beren şertleriňizde, gönüden-göni marketing aragatnaşyklary arkaly höweslendirmeleri we teklipleri bermek (mysal üçin, push habarnamalary, e-poçtalar we tekst hatlary arkaly). • Galaxy Wearable we biznesimizi işletmek, oňa baha bermek we ony gowulandyrmak (şol sanda täze önümleri we hyzmatlary işläp düzmek, önümlerimizi we hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de gowulandyrmak, aragatnaşyklarymyzy dolandyrmak, önümlerimizi, hyzmatlarymyzy we müşderi binýadymyzy seljermek, bazar derňewini geçirmek, maglumat seljermesini ýerine ýetirmek hem-de buhgalteriýa, audit we beýleki içerki funksiýalary amala aşyrmak). • Önümlerimiz we hyzmatlarymyz barada pikirleriňizi soramak, şeýle-de gerek bolanynda, aýratyn razylygyňyz bilen müşderileriň pikirsoraşmalaryny geçirmek. • Galaxy Wearable üçin programma üpjünçilik täzelemelerini, tehniki ideg hyzmatlaryny we goldawy üpjün etmek. • Kezzaplyk we beýleki jenaýatçylykly hereketlerden, arz-şikaýatlardan we beýleki jogapkärçiliklerden goranmak, olary anyklamak we öňüni almak. • Degişli kanuny talaplara, degişli senagat standartlaryna we öz ýörelgelerimize, şol sanda bu Gizlinlik bildirişe we Gizlinlik syýasatyna laýyk hereket etmek we olary berjaý etmek. Galaxy Wearable enjamyňyz başga Samsung ýa-da üçünji tarap goýmalaryna, hyzmatlaryna we funksiýalaryna birikmek ýa-da olary ulanmak ukybyny üpjün edip biler. Mysal üçin, Galaxy Wearable enjamyňyzda Samsung Health ýa-da Bixby Voice ulanyp bilersiňiz. Bu Samsung we üçünji tarap goýmalarynyň, hyzmatlarynyň hem-de funksiýalarynyň öz gizlinlik bildirişleri bar bolup biler. Olaryň maglumatyňyzy nähili işleýändiklerine düşünendigiňize göz ýetirmek üçin olary gözden geçiriň. Islendik başga baglanan ýa-da görkezilýän goýma, hyzmat ýa-da beýleki funksiýa biziňki däl bolsa we biziň tarapymyzdan dolandyrylmaýan bolsa, biz onuň materialyna, ulanyşyna we gizlinlik işlerine jogapkärçilik çekmeýäris. MAGLUMATLARYŇYZY KIMIŇ BILEN PAÝLAŞÝARYS? Biz maglumatlaryňyzy biznesimiziň içerisinde we aşakdaky ýuridiki taraplara paş ederis, emma diňe ýokarda beýan edilen maksatlar üçin. * Golçur kärhanalar: öz dolandyrmagymyzda ýa-da eýeçiligimizde durýan, Samsung Electronics toparynyň beýleki kompaniýalary; * Hyzmat üpjünçiler: biz üçin maglumatlary dolandyrýan maglumat serwerleri ýaly bize ýa-da biziň adymyzdan hyzmatlary üpjün edýän seresaply saýlanylan kompaniýalardyr. Ol üpjün edijiler hem siziň maglumatlaryňyzy goramagy borç edinýärler; * Galaxy Wearable-yňyzy goramak üçin kanun tarapyndan talap edilende ýa-da gerek bolanda başga taraplar: meselem, kanun, ýuridik proses ýa-da döwlet edaralary tarapyndan kazyýet buýrugy esasynda maglumatyňyzy aýan etmek zerur bolup biler. Olaryň kanuny berjaý etmek, milli howpsuzlyk, anti-terrorizm ýa-da jemgyýetçilik howpsuzlygyna dahylly başga meseleler sebäpli bizden siziň maglumatlaryňyzy talap etmekleri mümkin; * Korporatiw geleşikler bilen baglanyşyklylykda başga taraplar: biziň kompaniýa bilen birleşen ýa-da eýeçiligimize geçen, alnan ýa-da satylan, ýa-da tölege ukypsyzlyga düşen ýagdaýynda, şonuň çäginde siziň maglumatyňyzy üçünji bir tarapa aýan etmegimiz mümkindir; we * Öz razylygyňyz ýa-da görkezmäňiz esasynda başga taraplar: şu Gizlinlik bildirişinde beýan edilýän aýan etmelerden başga-da, eger aýratynlykda razylyk berseňiz ýa-da şol ýaly paýlaşmagy talap etseňiz, siz barada maglumatlary üçünji taraplar bilen paýlaşyp bileris. ŞU GIZLINLIK BILIDIRIŞINDÄKI TÄZELEMELER Bu Şahsy Gizlinlik bildirişi size biziň Galaxy Wearable enjamyndaky maglumatlaryňyzy ýygnaýşymyza we işleýşimize girizilen üýtgetmeler ýa-da degişli kanunlara we düzgünnamalara üýtgetmeler barada habar bermek üçin täzelenmegi mümkin. Resminamanyň soňky täzelenen senesi şu Gizlinlik bildirişiniň ýokarsynda görkezilýär. Version:P01.03.00